Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklaryň hem-de habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris diýip belleýär.

Hususyýetçileriň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergide döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri mynasyp orun eýeleýär. Şeýle hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara üstaşyr ulag ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň şöhlelendirilýär. Şeýle-de şu günki sergä köpugurly internet we kompýuter hyzmatlaryny hödürleýän işewürler hem gatnaşýar.

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forumyň çäklerinde birleşmäniň agzalarynyň maslahaty hem geçiriler.  Mahlasy, bu sergi ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezer.

Ertir sergi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde  TSTB-niň dürli ugurlar boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemleri jemleniler.