Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze ýokary okuw mekdebiniň binasy gurlar. Bu baradaky Karara 12-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.