Ýurdumyzda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Bazar ykdysadyýetinde hususy eýeçiligiň döwrebap görnüşlerine geçmek möhüm ugurlaryň biridir. Telekeçiler diňe bir döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge – Türkmenistany daşary ýurtlardan azyk önümlerini getirmegi azaldýan, şol önümleri beýleki ýurtlara iberýän ýurda öwürmäge çalyşýarlar. Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazarlary önümlerden doldurmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi geçirilýär. Sergini milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten belent sepgitlerini, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny görkezýän diwarlyklar, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümler bezedi. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy kärhanalary bu ugurda uly ösüşleri gazanýarlar. Şeýle kärhanalaryň biri-de «Miweli ülke» hususy kärhanasydyr. Biziň hususy kärhanamyz hem geçirilen sergä işjeň gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Hususy pudak üçin hem döwletimiz ähli şertleri döredýär. Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip belledi.
2016-njy ýylda esaslandyrylan «Miweli ülke» hususy kärhanasy birnäçe işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda «Miweli ülke» hususy kärhanasy Mary şäheriniň Baýram han köçesiniň ugrunda 10 200 tonna agramlyk sowadyjy ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerini alyp barýar. Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhanalaryň ýer gurluşyk işleri alnyp barylýar. 600 gektar ýer böleginde tohumlyk ýer almalarynyň ýetişdirilmegi meýilleşdirilýär.
«Miweli ülke» hususy kärhanasy «Hoşwagt» we «Altyn baş» söwda belgili kofe, ýeňil mekgejöwen taýajyklaryny, mekgejöwenden we bugdaýdan çipsileri, guradylan çörek bölejiklerini, dürli şekillerdäki gantlary, sakgyçlary, gowrulan günebakar çigidini, glazurlanan ýeňil bürünçden we bugdaýdan bally patraklary, «JooY» karamel süýjülerini öndürýär. Bu öndürilýän önümlere barlaghanada ýokary derejeli hünärmenler döwrebap enjamlaşdyrylan enjamlar bilen gözegçilik edýärler. Birnäçe ýylyň iş tejribesi netijesinde «Miweli ülke» hususy kärhanasy daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýän miweleri we gök-bakja ekinlerini 1 000 tonna sowadyjy ammarda saklap, ýylyň ähli paslynda halkymyza terligine ýetirýär. Mundan başga-da, birnäçe ýurda eksport işleri hem alnyp barylýar. Esasy bellemeli zat hem, bu işler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly dolandyrylýar. Hususy kärhanamyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere hem öz öndürýän önümleri bilen yzygiderli gatnaşýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilýän bu sergi giň many-mazmuna eýedir. Däp bolan forum ýurdumyzyň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşleriniň beýanydyr. Telekeçileriň işiniň ilerlemegi üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Agamyrat DÖWLETMYRADOW,
«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň hünärmeni.