Hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda daşary syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti barha ösýär. Ýurdumyzyň ösüşleri, ykdysady kuwwaty halkymyzyň abadan durmuşyna, bagtyýarlygyna gönükdirilýär.
Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar öňde goýulýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa ornaşdyrylýan belent maksatlarynyň rowaçlanýandygyny görkezdi. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy döwrebap üstünlikleri üpjün edýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Bu bolsa ösüşiň tizligini, işleriň kämilligini has-da ýokarlandyrýar. Şeýle döwrebap işleri kämil alyp barmakda kämil hünärmenleriň möhümdigini bellemek gerek. Şunda ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ösen aň-düşünjeli bolmagyny gazanmak baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem bilimli ýaşlary kemala getirmek, olaryň döwrebap bilimlere eýe bolmaklaryny gazanmak üçin uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemelidiris.
Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagaty ösdürmäge, şeýle hem innowasiýa häsiýetli önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, täze innowasion tehnologiýalara we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryna uly orun berilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň elektron ulgamda merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, ykdysady işiň subýektleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalaryň ykdysadyýetde has içgin ornaşdyrylan döwründe sanly çözgütler uzakmöhletleýin ykdysady ösüşiň we ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň paýynyň artmagyna, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak üçin möhüm ädimler ädilýär. Ýurdumyzy dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda iri senagat düzümli kärhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegine, gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegine, sanly tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmäge, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam berilýär. Bu ugurda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de netijeli eksport mümkinçiligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Asudalygyň, parahatçylygyň mekany bolan ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlar rowaç alýar. Bagtyýarlygyň gujagynda zähmet çekýän halkymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen geljegini gurýar we döredýär.
Azady ALMYRADOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.