14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Az salymdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan toý saparynyň şanyna sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyz günbatar sebite toý saparynyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Kongresler merkeziniň binasynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy portuň agzybir zähmetkeşler topary uly ruhubelentlik we şatlyk bilen garşylady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz portuň ýük terminalynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde ýükleri kabul etmek, olary işlemek, saklamak hem-de ugratmak işleri häzirki zaman öňdebaryjy tejribä we iň täze usullara laýyklykda amala aşyrylýar.
Portuň konteýner terminaly bir wagtyň özünde 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge ukyplydyr. Ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, bu ýerde gallany ýörite ammarlarda saklamak üçin hem şertler döredilendir.
Wise-premýer E.Orazgeldiýew bu terminalda azyk önümlerini kabul etmek hem-de obasenagat toplumynyň harytlaryny eksporta ugratmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz terminalyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ürgün ýükleriň daşalmagyna islegleriň artýandygyny hasaba almak bilen, bu ýerden geçen ýylda 2 million 800 müň tonna önüm ugradyldy, munuň özi terminalyň kuwwatynyň 94 göteriminiň herekete getirilendigini aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki sygymlylygy 35 müň tonna deň bolan ammarlary hem gözden geçirdi, olar galla önümlerini saklamaga niýetlenip, ýylda oba hojalyk önümleriniň ortaça 2-3 million tonnasyny saklamaga hem-de ugratmaga ukyplydyr.
Umumy ýükler terminalynyň kuwwaty ýylda 4 million tonna deň bolup, onuň çäginde uly agramly we göwrümli ýükleri düşürmäge niýetlenen “Liebher” kysymly kranlar işleýär. Bu terminalda şu ýylyň birinji çärýeginde 221 müň tonna ýük işlenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 140 göterim ýokarydyr.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýär, onuň suw giňişligine ýylda ortaça 1500 — 1600 gämi girýär hem-de bu görkeziji ýyl-ýyldan artýar. Deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglarynyň sazlaşykly hereket edýändigi nazara alnanda, bu deňiz porty özbaşdak ulag-logistika merkezi bolup durýar.
Wise-premýer Ç.Gylyjow ýurdumyzyň telekeçileriniň portuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyşlary barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz portuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, eksport-import amallaryny geçirmekde üstaşyr geçelgeleriň işini netijeli ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer M.Muhammedow ýurdumyzda ulag-logistika işiniň maksatnamasy, şeýle hem ony durmuşa geçirmekdäki wezipeler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu deňiz portunyň halkara gatnaşyklary ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini belläp, onuň ykdysady düşewüntliligini ylmy esasda içgin seljermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow portuň netijeli işiniň ýola goýulmagy bilen, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň kämilleşdirilmeginiň halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, bu işleri ylmy esasda alyp barmagyň möhümdigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň täze, häzirki zaman önümçilik düzümi bolan bu zawod Balkan welaýatynda gämi gurluşyk işlerini işjeň amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu ýerde gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri hem-de beýleki gämileri abatlamak boýunça işleriň doly toplumy geçirilýär.
10 müň tonna polady işlemäge niýetlenen bu zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, toplumyň kuwwatlylygy ýylda 4 – 6 gämini gurmaga, şeýle-de 20 – 30 gämide abatlaýyş işlerini hem-de tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berip, olar ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara gämigurluşyk kärhanasynyň we tutuş portuň işinde geljekde-de üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.