14-nji aprelde günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde gezelenç etdi.

Şu günler Hazar deňziniň kenarynda ýakymly howa gurşawy emele geldi. Giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän ýeri bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň, saglygy berkitmegiň oňyn mümkinçiliklerini özünde jemleýän häzirki zaman düzümi emele geldi.

Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen dünýä derejeli bu zolak syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary, seýilgähler hem-de seýilbaglar, medeni dynç alyş merkezleri, halkara ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan şypahanalar hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde egindeşleri bilen welosipedli gezelenç etdi. Bellenilişi ýaly, dynç alşyň ýokary halkara derejesini özünde jemleýän Awaza halkymyzyň uly höwes bilen dynç alýan hem-de wagtyny peýdaly geçirýän künjegine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlap gelýändigini belläp, oňa ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda altynsow çägeli kenar, ýakymly suwy bolan deňiz, bereketli Gün şöhlesi, ekologik taýdan arassa gurşaw adamlaryň saglygynyň berkidilmegini, ruhubelentligiň we işjeň durmuş ýörelgeleriniň baş şertini emele getirýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk binýady goýuldy. Häzirki döwürde şol asylly ýörelgeleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, özboluşly howa aýratynlyklary halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, amatly dynç alşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda döwletimizde welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Tutuş ýurdumyzyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak asylly däbe öwrüldi.

Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosporty ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edildi, oňa laýyklykda, 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Munuň özi tutuş adamzat ähmiýetli döredijilikli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolandygynyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň saglygyny berkitmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly asylly çäreleri öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda Awazanyň ekologik abadançylygyna aýawly garamak, onuň çäklerinde täze tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen bilelikde “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Toplumda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmek, olaryň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, bu ýerde gurnalan sport enjamlary sportuň köp görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy we beden taýdan taplanmagy üpjün etmek bilen çäklenmän, adamda zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň emele gelmegini şertlendirýär.

“Awaza” köpugurly sport toplumynda gurnalan sport enjamlarynyň her biri özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar, olar ynsan bedenine oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri özara toparlara bölünip, sport bäsleşiklerini guradylar. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň, onuň tarapdarlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda geçirilen sport çäresinden soňra, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ählumumy hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolmagy babatda degişli işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow egindeşlerine üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.