Belli bolşy ýaly, innowasion tehnologiýalaryň ösmegi bilen emeli intellekt dürli pudaklara ornaşdyrylyp başlandy. Malaýziýanyň Sabah we Sarawak welaýatlarynyň kazyýet ulgamynda emeli intellekt boýunça synaglar geçirilip başlandy. Bu synaglar dünýäniň ilkinji robot hukuk hyzmaty bolan “DoNotPay” ulgamy arkaly amala aşyrylar.

Aklawjy ykjam programmasy esasynda “DoNotPay” ulgamy Estoniýada ownuk talaplara baha beriň degişli işleri seljerýän robot kazylary, Kanadada robot araçylary, Hytaýda emeli intellekt kazylary, Malaýziýada bolsa emeli intellekt kazyýet ulgamy synag edilip başlandy. Bular bilen birlikde, emeli intellekt kazyýet ulgamynda birnäçe döwletlerde giňden ýaýramagyny hem dowam etdirýär.

Malaýziýanyň häkimiýeti tarapyndan emeli intellektual jezalandyryş çäreleri boýunça kazyýet işleriniň nähili derejede alnyp baryljakdygy synaglaryň netijesi esasynda ýakyn wagtda belli bolar. Has takygy, emeli intellektual jezalandyryş ulgamy boýunça alnyp barylýan ýurt derejesindäki synaglar şu ýylyň aprel aýynda tamamlanar.

Begenç Meretklyçew

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy