Liwiýanyň Milli bileleşik hökümeti ýurtda nebit we gaz pudagyny ösdürmek üçin maksatnamany durmuşa geçirip başlady. Ýurduň hökümet başlygy Abdulhamid Dibeýbe 2022-nji ýylyň dowamynda gündelik nebit önümçiliginiň 1 million 400 müň barrele ýetiriljekdigini, soňky ýyllarda onuň has hem artdyryljakdygyny mälim etdi. Ýurduň nebit guramasynyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, ýurtda her günde 1 million 200 müň barreldigi  habar berlipdi.