15-nji aprelde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny hem-de sebit howpsuzlygy we durnuklylygy bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Maslahatda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýa bilen, şol sanda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdi. Hususan-da, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň sanlylaşdyrylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde aýratyn nygtady.

Şeýle hem sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň pandemiýa garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ulgama ýetiren täsirini azaltmak boýunça tagallalaryň hem-de serişdeleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenildi. Bu ugurda alym-lukmanlaryň we beýleki degişli pudak edaralaryň wekilleriniň yzygiderli esasda tejribe alyşmagynyň ähmiýeti barada nygtaldy.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýada serhet howpsuzlygynyň berkidilmegi, sebitiň durnuklylygynyň üpjün edilmegi we üstünlikli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere hem seredildi. Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagynda halkara jemgyýetçiliginiň eýeleýän orny, ilkinji nobatda Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ähmiýeti aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen tarapy “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ähli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.