“IC Insights” şereketi global derejede ýarymgeçiriji önümçiliginiň 2022-nji ýylda rekord derejä ýetjekdigini mälim etdi. Maglumatlara görä, şu ýyl 427,7 milliard sany çip öndüriler. Pandemiýa döwründe mobil enjamlara bolan islegiň artmagy bilen çip ýetmezçiligi ýüze çykypdy. Şereketiň taýýarlan maglumatlaryna görä, geçen ýyl çip önümçiligi 22 göterim artyp, 391,8 milliarda ýetipdir. 2022-nji ýylda bolsa bu görkezijiniň  9,2 göterim artjakdygy mälim edilýär. Şeýle hem Bütindünýä ýarymgeçiriji söwda statistikalary (WSTS) tarapyndan kesgitlenen çipiň esasy 33 görnüşiniň 30-ynyň önümçiligi artar. Olaryň 12 görnüşindeki ösüş 9,2 göterim bolar.

Şeýlelikde 2022-nji ýyldaky önümçilik 2000-nji ýyldakynyň 5 essesine barabar bolar. “IC Insights” geljek ýyllarda hem bu ugurdaky ösüşiň dowam etjekdigini 2026-njy ýyla çenli ýyllyk ösüşiň 7 göterim boljakdygyny çaklaýar.

Enejan Babyşewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby