Dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň umumy ulaglaryň içindäki paýy 10 ýylda 41 esse artyp, 8,3 göterime ýetdi. Geçen ýyl şeýle ulaglaryň satuwy ozalky ýyldakydan 108 göterim artyp, 6,75 milliona ýetdi. Howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerinde arassa ýangyçdan peýdalanýan ulaglar işlenip taýýarlanýar. Elektroulaglar gatnaw pudagynda howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda has täsirli çözgütleriň biri hasaplanýar. “EV volumes.com” saýtynyň maglumatlaryna görä geçen ýyl elektroulag satuwynda görnetin ösüş gazanylypdyr. 2020-nji ýylda 3,24 million elektroulag satylan eken. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar 2012-nji ýylda ulag bazarynyň 0,2 göterimini emele getirýärdi. Ýagny, her müň ulagdan 2-si elektrik energiýasy bilen işleýärdi. Geçen ýyl diňe Hytaýda 3,4 million töweregi elektroulag satylyp, 155 göterim ösüş gazanylypdyr. Netijede, ýurtdaky elektroulag satuwy 2020-nji ýyldakydan 2 milliondan gowrak artyk bolupdyr.

Ýewropa ýurtlarynda elektroulaglaryň satuwy 2,3 million bolupdyr. Bu görkeziji 2020-nji ýyldakydan 66 göterim köp. ABŞ-da müşderilere ýetirilen elektroulaglaryň sany 735 müňe ýetipdir. Koreýa Respublikasynda 114 müň 500 Awstraliýa, Hindistan we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda 10 müňden köp elektroulag satylypdyr.

Maksat Caryýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.