Ti­kin ma­şy­ny.

Il­kin­ji ti­kin ma­şyn­la­ry XIV asyr­da Ni­der­land­lar­da peý­da bo­lup­dyr. Bu en­jam il­ki­baş­da örän ta­ga­şyk­syz eken. Il­kin­ji ti­kin ma­şyn­lar ken­dir ma­ta­lar­dan de­ňiz gä­mi­le­ri­niň ýel­ke­ni­niň tik­mek üçin ula­ny­lyp­dyr. Ada­ty ma­ta­la­ry tik­mä­ge ni­ýet­le­nen has ki­çi ti­kin ma­şy­ny­ny bol­sa, 1790-njy ýyl­da ang­li­ýa­ly To­mas Sent oý­lap ta­pyp­dyr. Em­ma bu ma­şyn köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ril­män­dir. On­dan bir­nä­çe ýyl ozal – 1755-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da dog­lan, Ang­li­ýa­da ýa­şa­ýan Çar­les Fred­rik Wýe­sen­tal ti­kin tik­ýän en­ja­my ön­dü­rip­dir.
Ulan­mak üçin has amat­ly, giň­den ýaý­ran il­kin­ji ti­kin ma­şy­ny­ny 1829-njy ýyl­da fran­suz Bar­te­le­mi Timon­ýe oý­lap tap­ýar. Onuň oý­lap ta­pan en­ja­my­nyň köp bö­le­gi agaç­dan ýa­sa­lyp­dyr.
1846-njy ýyl­da ame­ri­ka­ly Elias Hou hä­zir­ki ti­kin ma­şyn­la­ry­nyň nus­ga­sy bo­lan il­kin­ji en­ja­my oý­lap tap­ýar. Ol bir iň­ňe­li, naý­ça­ly il­kin­ji ti­kin ma­şy­ny dö­red­ýär. Şeý­le-de bol­sa ol öz oý­lap ta­pan en­ja­my­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup bil­män­dir. Em­ma onuň oý­lap ta­pan usu­ly soň­ky ýyl­lar­da giň­den ula­ny­lyp­dyr. 1850-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly Aý­zek Sin­ger Ho­uwyň oý­lap ta­pan ti­kin ma­şy­nyny­ kä­mil­leş­di­rip­dir we se­na­gat taý­dan ön­dü­rip baş­lap­dyr.
Beý­le­ki bir­nä­çe en­jam­da bol­şy ýa­ly, ti­kin ma­şy­ny­ hem ýyl­la­ryň do­wa­myn­da tap­gyr­ma-tap­gyr kä­mil­leş­di­ri­lip­dir. Bu en­ja­myň hä­zir­ki­si ýa­ly bol­ma­gy örän uza­ga çe­kip­dir. 1790-njy ýyl­da Ang­li­ýa­da, 1819-njy ýyl­da Awst­ri­ýa­da, 1826-njy ýyl­da Ame­ri­ka­da, 1830-njy ýyl­da Fran­si­ýa­da ti­kin ma­şyn­la­ry­nyň dür­li nus­ga­sy oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa Sin­ger bu en­ja­my kä­mil­leş­di­rip, köp­çü­li­ge ýe­ti­rip­dir. Onuň oý­lap ta­pan en­ja­my el zäh­me­ti­ni gör­ne­tin azal­dyp­dyr, egin-eşik­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Sin­ger naý­ça­nyň ke­se dur­ma­gy­ny üp­jün edip, iň­ňä­niň dyn­gy­syz we bir­syh­ly he­re­ket et­me­gi­ni ga­za­nyp­dyr. Şeý­le hem Sin­ger aýak bi­len he­re­ke­te ge­ti­rip bol­ýan ti­kin ma­şy­ny­ny dö­re­dip­dir. Şeý­le­lik­de, ti­kin­çi­ler iki eli­ni hem ula­nyp, egin-eşik­le­ri çalt ti­kip baş­lap­dyr­lar.