18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen ekin meýdanlarynda maýsalary goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlarynyň taýýarlanyp, paýlanýandygy barada aýtdy. Sebitiň howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ideg işleriniň dowamynda ekinlere zyýan berijilere we haşal otlara garşy göreş çäreleriniň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň biokärhanalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, şunda ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edip, bu gymmatly çig maly öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.