Teh­no­lo­gi­ýa ägir­di «Go­og­le» kom­pa­ni­ýa­sy Af­ri­ka­da­ il­kin­ji ha­ryt iş­läp taý­ýar­la­ýan mer­ke­zi­ni gur­jak­dygy­ny mä­lim et­di. Mer­ke­ziň gu­rul­ma­gy üçin se­bit­de art­ýan in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­na has go­wy hyz­mat et­mek mak­sa­dy bi­len Ke­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Naý­ro­bi saý­la­nyp alyn­dy. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa­da ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa şu on­ýyl­ly­gyň ahy­ryn­da Af­ri­ka­da­ky in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny­nyň 800 mil­lio­na ýet­jek­di­gi­ni, şeý­le hem dün­ýä­dä­ki ýaş ila­tyň üç­den bi­ri­niň bu yk­lym­da ýa­şa­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň Af­ri­ka bo­ýun­ça baş­ly­gy Ni­tin Gaj­ri­ýa Naý­ro­bi­de gu­rul­jak mer­ke­ze in­že­ner­le­riň, ha­ryt do­lan­dy­ry­jy­la­ryň we hü­när­men­le­riň işe alyn­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Sun­dar Pi­çaý ge­çen ýyl ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň san­ly öw­rü­li­şi­gi­ni çalt­lan­dyr­mak­la­ry­na gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len 5 ýy­lyň do­wa­myn­da Af­ri­ka­da­ky dür­li tas­la­ma­la­ra 1 mil­liard dol­lar ma­ýa goý­jak­dyk­la­ry­ny aý­dyp­dy. «Go­og­le» mun­dan ozal Ga­na­nyň paý­tag­ty Ak­ra­da eme­li aň mer­ke­zi­ni açyp­dy.

Jen­net BÄ­ŞI­MO­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.