21-nji aprelde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Italýan Iş toparynyň ilkinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Gepleşikler Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky Iş toparynyň Türkmen tarapynyň wekiliýetine durmuş-medeni pudagynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda Italiýanyň Medeni miras, medeni gatnaşyklar we syýahatçylyk ministrliginiň wekilleri edara tarapyndan arhiw işi, maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagy, sergileriň gurnalmagy, arheologiýa barlaglary, uzak aralykdan zondirlemek we kosmosdan surata düşürmek arkaly ýerleriň we taryhy-medeni ähmiýetli desgalaryň monitoringi ýaly ugurlaryň giň gerimini özünde jemleýän ulgamlarda alnyp barylýan işler barada brifing geçirdiler.
Italiýanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň edarasynyň ýolbaşçysy Wirto D’Adamo arheologiki barlaglar ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de ÝUNESKO-nyň taryhy-medeni ähmiýetli desgalaryň goralyp saklanylmagy boýunça maksatnamalarynyň çäklerinde özara hereket etmek teklibini öňe sürdi.
Duşuşygyň barşynda, sungat eserleriniň hem-de medeni miras desgalarynyň goralyp saklanylmagy babatynda ýöriteleşýän Italiýanyň Konserwirleme we durkuny täzelemek boýunça Ýokary institutynyň ýolbaşçysy Marko Pusoni özüniň wekilçilik edýän edarasynyň işi hem-de hyzmatdaşlyk maksatnamalary dogrusynda gysgaça syn berdi.
Taraplar Türkmenistanyň we Italiýanyň medeni hem-de ylmy ulgamlardaky özara hereketleriniň giňeldilmeginiň mümkinçilikleri baradaky pikirlerini hem-de garaýyşlaryny beýan etdiler. Hususan hem, durkuny täzelemek, konserwirleme we arhiw işi ulgamyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine we tejribeleriň alyşylmagyna taýýarlyk beýan edildi. Arheologiki tapyndylarynyň we golýazmalarynyň durkunyň dikeldilmegi boýunça onlaýn-seminarlaryny we okuwlaryny, Türkmenistanyň we Italiýanyň wokal sungaty we halk saz gurallary boýunça ussatlyk-okuwlaryny gurnamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italiýanyň muzeýleriniň birinde bürünç eýýamyna degişli bolan türkmen eksponatlarynyň sergisini gurnamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Italiýada Margiananyň we Gadymy Parfiýanyň arheologiki gymmatlyklarynyň sergisini guramak baradaky teklip ýene-de bir gezek tassyklanyldy.
Iş toparynyň wekilleri tarapyndan mejlisiň dowamynda beýan edilen pikirleriň hem-de teklipleriň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça geljekki hereketler üçin çäreleriň meýilnamasy ýa-da medeni alyş-çalyş maksatnamasy arkaly pugtalandyrylmagynyň maksadalaýyklygy beýan edildi.