“Global Market Insights” şereketiniň maglumatlaryna görä, global derejede ýahta senagatynyň pul dolanyşygy 2027-nji ýyla çenli 15 milliard dollara ýetmegine garaşylýar. Soňky ýyllarda syýahatçylyk maksady bilen ulanylýan suw ulagynyň bu görnüşine isleg barha ýokarlanýar. Ýahtalar, esasan, gury ýerden barmasy kyn bolan owadan deňiz kenarlaryny suw arkaly görmek maksady bilen ulanylýar. Şeýle hem uly göwrümli ýahtalar birnäçe günläp dowam edýän deňiz syýahatyna çykmak isleýän jahankeşdelere hyzmat edýär. Ýahta önümçiligi we söwdasy pandemiýa döwründe-de ösüşini dowam etdirdi.
Norwegiýa, Russiýa we Hytaý ýaly ýurtlar iň köp ýahta satyn alýan ýurtlar hasaplanýar.
Güljemile Hajynepesowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby