26-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy UNESCAP-yň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Komissiýa üçin taryhy ähmiýete eýe bolan şu ýylyň Türkmenistanyň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasyna agzalygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belläp geçdi. Geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan bilelikdäki üstünlikleriň Türkmenistanyň BMG-niň bu Komissiýasy bilen özara gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigini äşgär görkezýändigi hem nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň ulag we energetika, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliginiň azaldylmagy ýaly ulgamlarda, şeýle-de SPEKA-nyň çäklerinde UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň önjeýliligini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda geçirilýän forumlara Komissiýanyň ýolbaşçylarynyň işjeň gatnaşmagy babatynda türkmen tarapynyň minnetdarlygy beýan edildi.
Şu nukdaýnazardan, geçen ýylyň noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy we onuň Türkmenistanyň we UNESCAP-yň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýan resminama bolup durýandygy bellenildi.
Ministr şonuň ýaly-da 2022-nji ýylyň maýynda Bangkok şäherinde gibrid görnüşinde geçiriljek UNESCAP-yň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň degişli ýokary derejede gatnaşjakdygyny belledi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy we türkmen tarapynyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça başlangyçlarynyň toplumy beýan edildi.
Taraplar şonuň ýaly-da pandemiýa bilen baglylykda ýüze çykan derwaýys meselelere hem aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň pandemiýanyň emele getiren ykdysady, durmuş we maliýe netijelerini ýeňip geçmek babatynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan edildi.
Duşuşykda Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamanyň (MGŞ) nazarda tutulmagynda bilelikdäki hereketlere hem seredilip geçildi.
Ministr Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2022-nji ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Nýu-Ýorkda geçiriljek Migrasiýa meseleleri boýunça Global forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny habar berdi.
R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, türkmen tarapy bu çäräni üýtgäp duran häzirki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen migrasiýa boýunça global gün tertibiniň çözülmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň nobatdaky mümkinçiligi hökmünde kabul edýär.