Russiýada awiasiýa kompaniýalarynyň arasynda “S7 Airlines” öňe saýlanyp, mart aýynda iň köp ýolagçy gatnadan kompaniýa boldy. Ikinji ýeri “Aeroflot”-yň arzan bahaly hyzmat hödürleýän “Pobeda” kompaniýasy eýeledi. “S7 Airlines” geçen aý 980 müňden gowrak ýolagça hyzmat edipdir. “Pobeda” 911 müň, “Aeroflot” 837 müň ýolagçy gatnadypdyr.

“Aeroflot”-a degişli bolan “Rossiya Airlines” bolsa, 456 müň ýolagça hyzmat edipdir. Netijede, “Aeroflot” toparyna degişli bolan awiakompaniýalar jemi 2,2 million ýolagçy gatnadypdyr.

Hekim Gurbangylyjow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby