“Facebook” hem-de “Instagram” jemgyýetçilik torlaryna eýeçilik edýän “Meta” kompaniýasy metawers dünýäsini barha ösdürýär. Kompaniýa ilkinji metawers dükanyny açar. Metawers dünýäsi üçin gerek bolan enjamlaryň satyljak dükany kompaniýanyň Kaliforniýadaky şäherçesiniň içinde 9-njy maý güni açylar. Bu ýerde VR we AR äýnekler, “Ray-Ban story” güneş gözlükleri, gulaklyklar we beýleki enjamlar bar.

Bu barada kompaniýa “Meta Store”-da hödürlenýän enjamlary ulanyp görmäge mümkinçilik dörediljekdigini belledi.

Şeýlelikde, “Apple”, “Google” we “Microsoft” ýaly “Meta”-nyň hem adaty dükany bolar.

Osman Ataýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby