27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Ir­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň aja­ýyp söz us­sa­dy­na ägirt uly söý­gü­si­niň ny­şa­ny bo­lan, be­lent­lik­den ho­wa­la­nyp gö­rün­ýän ýa­dy­gär­li­giň ýa­ny­na gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top­lu­myň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­şy bi­len ta­nyş­dy.
Te­bi­gy we şä­her gur­şa­wy­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy, ýa­şyl zo­lak­la­ryň dö­re­dil­me­gi paý­tag­ty­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny, ýa­şa­mak üçin oňaý­ly şert­le­ri üp­jün et­me­giň mö­hüm ýag­da­ýy bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bu tä­sin kün­je­gi aba­dan­laş­dyr­mak, ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar.
Wi­se-prem­ýer Ç.Pur­çe­kow gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, onuň çäk­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri­niň we umu­my gör­nü­şi­niň çyz­gy­sy gör­ke­zil­di. Bu des­ga­ny gur­mak üçin 41 gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di.
Soň­ra türk­men ede­bi­ýa­tyn­da öç­me­jek yz go­ýan nus­ga­wy şa­hy­ry­my­zyň heý­ke­li ba­ra­da dü­şün­je ber­ýän tas­la­ma­lar gör­ke­zil­di. Te­bi­gy be­lent­lik­de di­ki­len bü­rünç heý­ke­liň be­ýik­li­gi 60 met­re, bin­ýa­dy­nyň be­ýik­li­gi bol­sa 25 met­re deň­dir.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän di­war ýaz­gy­sy­nyň gör­nüş­le­ri hem-de yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry döw­let Baştutanymyzyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz me­de­ni-se­ýil­gäh top­lum­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, hä­zir­ki za­man yşyk­lan­dy­ryş en­jam­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly Py­ra­gy­nyň tu­tuş adam­zat jem­gy­ýe­ti­ne bel­li bo­lan şy­gyr­la­ry­nyň ga­nat­ly se­tir­le­ri­ni ba­ýyr­la­ryň ýü­zün­de ýag­ty­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mä­ge jo­gap­kär­li we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň daş­ky gi­rel­ge­si­niň, suw çüw­dü­rim­le­ri­niň, dynç alyş zo­lak­la­ry­nyň, bas­syr­ma­la­ryň we aw­to­du­ral­ga­la­ryň hö­dür­le­nen çyz­gy­la­ry bi­len hem üns­li ta­nyş­dy. Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän çüw­dü­rim­li we heý­kel­li top­lu­myň dur­ku­nyň tä­ze­le­nil­me­gi­niň tek­lip edil­ýän gör­nü­şi gör­ke­zil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň umu­my gör­nü­şi, hö­dür­le­nen çyz­gy­lar bi­len tan­şyp, ony aba­dan­laş­dyr­mak we ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­di hem-de top­lu­myň giň çäk­le­ri­niň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aras­sa­çy­ly­gy­ny sak­la­ma­ga de­giş­li gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­gy tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gök bag­la­ryň – tu­ýa, aka­si­ýa, ser­wi we beý­le­ki sa­ýa­ly na­hal­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni syn­lap, bu ýer­de bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň äh­li­si­niň Kö­pet­da­gyň tä­sin te­bi­ga­ty bi­len bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu ýer­ler­de to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­di­len­de ho­wa hem-de te­bi­gy şert­le­ri göz öňün­de tut­ma­gyň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar we çyz­gy­lar bi­len ta­nyş­ly­gy­ny ta­mam­lap, be­lent­lik­de di­ki­len ýa­dy­gär­li­ge ta­rap ýo­kar­ly­gy­na ug­ra­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýo­ka­ry çy­kyp bar­şy­na, bas­gan­çak­la­ryň oňaý­ly we amat­ly bol­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer Ç.Pur­çe­ko­wa ýüz­le­nip, bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň be­ze­gin­de hal­ky­my­zyň mil­li­li­gi­ne mah­sus öz­bo­luş­ly reňk öwüş­gin­le­ri­ni giň­den ulan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä­de dost­lu­ga, eder­men­li­ge, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge ça­gyr­ýan aja­ýyp eser­le­ri bi­len bel­li bo­lan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li­niň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­nyň iň tä­ze bi­na­gär­lik çöz­güt­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry hil­li hem-de bel­le­nen möh­le­tin­de ta­mam­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer E.Oraz­gel­di­ýe­we ýüz­le­nip, tä­ze me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­ny aba­dan­laş­dyr­mak we onuň çäk­le­ri­ni ba­gy-bos­san­ly­ga bü­re­mek ba­ra­da­ky me­se­le­le­re ün­si çek­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ýer­de bag na­hal­la­ry­nyň şu ýe­ri­niň ho­wa­sy­na uý­gun­laş­dy­ry­lan dür­li gör­nüş­le­ri eki­lip, olar paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp te­bi­gy kün­je­gi­niň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ba­gy-bos­san­ly­ga de­giş­li iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy­na gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak tab­şy­ry­lyp, bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­ler be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ge­ri­mi bo­ýun­ça ägirt uly ýa­dy­gär­li­gi­niň iň ýa­ky­nyn­da­ky meý­dan­ça ga­lyp, şol ýer­den ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň eliň aýa­syn­da­ky ýa­ly açyl­ýan aja­ýyp gör­nü­şi­ni syn­la­dy hem-de soň­ky ýyl­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len giň ge­rim­li iş­le­ri ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Baş şä­he­ri­mi­ziň ta­nal­maz de­re­je­de öz­ge­ren keş­bi Gah­ry­man Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Kö­pet­da­gyň ete­gin­de bi­na edi­len be­lent­lik­de ho­wa­la­nyp gö­rün­ýän bu top­lum dö­re­di­ji­li­gi­ne ýüz­ler­çe ýyl­lar geç­se-de, hä­zir­ki wagt­da-da tu­tuş dün­ýä­de sar­pa go­ýul­ýan we ta­nal­ýan türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly og­lu­nyň aja­ýyp ze­hi­ni­ne be­lent hor­ma­tyň hem-de söý­gi­niň be­ýa­ny­na öw­rü­lip, ba­gy-bos­san­ly­ga bes­len­me­li­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu­lar ba­ra­da aý­dyp, «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl be­ýik Mag­tym­gu­ly­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny wa­gyz et­mek, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da dür­li çä­re­le­ri ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­na Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ün­sü­ni çek­di.
Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly­nyň ga­raş­syz döw­let, er­kin­lik, yn­san­per­wer­lik ha­kyn­da­ky ar­zuw-is­leg­le­ri bu gün aja­ýyp döw­rü­miz­de ha­syl bol­dy. Da­na Py­ra­gy­nyň çuň­ňur pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan, kä­mil ma­ny-maz­mun­ly şy­gyr­la­ry ra­ýat­la­ry ha­lal zäh­me­te, be­lent mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­mak­da, ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mag­tym­gu­ly­nyň um­man ýa­ly giň şyg­ry­ýet dün­ýä­si ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­my­zyň, bag­şy-sa­zan­da­la­ry­my­zyň nus­ga­lyk dö­re­di­ji­lik mek­de­bi­ne öw­rül­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de akyl­dar şa­hy­ryň baý ede­bi mi­ra­sy­ny iç­gin öw­ren­mä­ge, giň­den wa­gyz et­mä­ge, hor­mat-sar­pa­sy­ny be­len­de gö­ter­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Da­na Py­ra­gy­ny sar­pa­la­mak türk­men ede­bi­ýa­ty­ny ar­şa gö­ter­mek­dir, hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak­dyr. Mag­tym­gu­ly­nyň çuň­ňur pel­se­pä, yla­hy ga­ra­ýyş­la­ra, dün­ýe­wi ýö­rel­ge­le­re ýug­ru­lan çe­per dö­re­di­ji­li­gi öz­bo­luş­ly mek­dep­dir. Be­ýik ze­hin­le­ri dün­ýä be­ren türk­men hal­ky öz akyl­dar­la­ry­na, şa­hyr­la­ry­na buý­san­ma­ga do­ly hak­ly­dyr.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň, mil­li şyg­ry­ýe­tiň al­tyn eý­ýa­my­nyň par­lak ýyl­dy­zy­dyr, müň­ýyl­lyk­lar­dan bä­ri hoş­ni­ýet­li­li­gi, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­gi, açyk­ly­gy, kal­by­nyň giň­li­gi we jo­mart­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan türk­men hal­ky­nyň syn­maz ede­bi sü­tün­le­ri­niň bi­ri­dir. Mag­tym­gu­ly­nyň öz­baş­dak döw­let ba­ra­da­ky gym­mat­ly ün­dew­le­ri, ýö­rel­ge­le­ri hä­zir­ki sy­ýa­sa­ty­my­zyň esas­la­ry­ny düz­ýär. Be­lent­li­ge uza­ýan bi­na­lar şä­he­riň bu te­bi­gy kün­je­gi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­ga­şyp, aja­ýyp gö­zel­li­gi ba­bat­da özü­ne çe­ki­ji gör­nüş­le­ri dö­red­ýär.
Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­mak, gel­jek ne­sil­ler üçin onuň gö­zel­li­gi­ni hem-de baý­lyk­la­ry­ny go­rap sak­la­mak, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet ýö­rel­ge­le­ri­ni we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­dyr. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Şä­her­ler­dä­ki bag­lar» at­ly baş­lan­gy­jy­na bag ek­mek çä­re­le­ri ar­ka­ly gol­da­wy we oňa go­şan go­şan­dy üçin Aş­ga­bat şä­he­ri­ne hal­ka­ra gü­wä­na­ma­nyň be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da 145 mil­li­on­dan gow­rak bag na­ha­ly ekil­di. Ol ýur­du­myz­da aý­ra­tyn ho­wa zo­lak­la­ry­nyň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam edip, se­bit­de oňyn eko­lo­gi­ýa we ho­wa ýag­da­ýy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Aş­ga­bat­da we onuň tö­we­rek­le­rin­de çäk­le­ri ýyl-ýyl­dan bar­ha art­ýan te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şyl to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­dil­di.
Bag­la­ry­nyň we be­zeg ösüm­lik­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri, gök zo­lak­la­ry hem-de owa­dan be­zeg gül­le­ri bi­len be­gen­dir­ýän aja­ýyp se­ýil­gäh­ler we se­ýil­bag­lar «Se­ýil­gäh­ler şä­he­ri» diý­lip my­na­syp yk­rar edi­len ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň ha­ky­ky be­ze­gi bo­lup dur­ýar. Şeý­le iş­ler, hu­su­san-da, Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Soň­ra bu ýer­de wi­se-prem­ýer M.Mäm­me­do­wa Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, her ýyl ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de gu­ral­jak top­lu­myň açy­lyş da­ba­ra­sy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu iri me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň açyl­ma­gy­nyň 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik şa­hy­ry­nyň hem-de fi­lo­so­fy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den baý­ram edil­jek se­ne­si­niň hor­ma­ty­na gu­ral­jak ägirt uly da­ba­ra­la­ryň öz­bo­luş­ly baş­lan­gy­jy­na öw­rül­jek­di­gi­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len äh­li çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.
Heý­kel Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň özü­niň nus­ga­lyk şyg­ry­ýe­ti ýa­ly aja­ýyp we gö­zel bol­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy hem-de bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de hut şu ýö­rel­ge­ler­den ugur al­ma­gy tab­şyr­dy.