“Twitter” platformasynyň ulanyjylarynyň sany hem-de girdejisi artdy. Şu ýylyň birinji çärýeginde kopaniýanyň girdejisi 1,2 milliard dollara, gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany 229 milliona ýetdi. Ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16 göterim ýokary bolupdyr. Kompaniýa geçen ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 1,03 milliard dollar girdeji gazanypdyr. “Twitter”-iň şu ýylyň 3 aýyndaky mahabatda alan girdejisi 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 23 göterim artyp, 1,1 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň bu döwründe kompaniýa 898,8 million dollar mahabat girdejisi alypdyr. “Twitteri”-iň ýylyň birinji çärýegindeki arassa peýda bolsa, 513,3 million dollar bolupdyr. Geçen ýylyň degişli döwründe 68 million dollar arassa peýda  hasaba alnypdyr. Jemgyýetçilik torunyň gündelik ulanyjylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,9 artyp, 229 milliona ýetipdir.

Jahan Abdyşukurowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby