Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda öndürilen “Mini Cooper” ulagyny öndüren “Cooper Car Company”-nyň welosiped öndürýän bölümi “Cooper Bikes” uzak aralyga gidip bilýän, elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedlerini tanyşdyrdy. Jemi dört sany welosiped öndürilip, olarda 173W/sagat kuwwaty bolan batareýa oturdylypdyr. Iki tigirli ulaglar “Cooper Bikes”, “Classic singlespeed Cooper CS-IE”, “Classic ladies Cooper CL-7E”, “Classic gents Cooper CG-7E” we “Classic Randonneur Cooper CR-7E” diýlip atlandyrylýar. Welosiped hereket edýän wagty batareýany gaýtadan zarýadlandyrmak üçin KERS (kinetik energiýany yzyna almak ulgamy) tehnologiýasyndan peýdalanýar. Bu tehnologiýa ulagyň tizligi peseldilende batareýa zarýad berýär. Bir gezekki zarýady bilen 60 km ýol geçip bilýär. Ulagyň ýokary tizligi 25 km/sagada ýetýär. Bu ulaglar 2 müň 399 – 2 müň 799 ýewro aralygyndaky bahalar bilen satylar.
Näzli Saparowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby