Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde rekord derejede girdeji gazandy. “Galaxy S22” smartfony girdejiniň uly bölegini emele getiripdir. Üç aýyň dowamynda kompaniýa 14,12 trillion won (11 milliard 224 million dollardan gowrak) girdeji gazanypdyr. Koreý brendi geçen ýylyň degişli döwründe 9,38 trillion won girdeji hasaba alypdyr. Şeýlelikde, tehnologiýa ägirdiniň girdejisi 51 göterim ýokarlanypdyr. Kompaniýa tarapyndan berlen maglumatda “Samsung”-yň öndürýän 5G enjamlarynyň bazarda öňdeligi eýelemeginiň uly girdeji getirendigi bellenilýär. Şeýle hem kompaniýa ekran we telewizor önümçiliginde hem öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Kompaniýa ýokary tehnologiýaly ekranlaryň satuwyndan ýokary girdeji gazanypdyr.
Ahmet Ahmedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby