Maglumatlara görä, her ýylda dünýäde 10-30 milliard tonna aralygynda beton sarp edilýär. Bu önüm gurluşykda iň köp ulanylýan material hasaplanýar. Bilermenler emeli aň tehnologiýasyny ulanmak arkaly daşky gurşawa adaty usuldakydan 40 göterim az zyýan berýän usuly oýlap tapdylar. Bu usuly ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetiniň, “Meta AI” kompaniýasynyň hem-de “Ozinga” kompaniýasynyň bilermenleri bilelikde taýýarlady. Täze usulda taýýarlanan betonyň adatdakylar ýaly berk we çydamlydygy mälim edildi. Emeli aň tehnologiýasy dürli formulalar arkaly taýýarlanan betonlary 7 günden 28 güne çenli basyş arkaly çydamlylygyny synagdan geçirdi. Netijede, müň formulanyň arasynda bäş sanysy saýlanyp alyndy. Bilermenler täze usul arkaly öndürilen betonyň adatydakydan has giç guraýandygyny aýdýarlar. Bu bolsa, gurluşygyň uzaga çekmegine sebäp bolup biler. Şol sebäpli bilermenler geljekde dürli howa şertlerinde çalt guraýan betonlary öndürmegiň aladasyny ederler.

Begmyrat Myratmuhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.