Bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy hem edil döw­let te­bi­gy go­rag­ha­na­sy ýa­ly aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy meý­dan hök­mün­de te­bi­gy ekoul­gam­la­ry we kes­git­le­nen çä­giň ge­no­fon­du­ny öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak, di­kelt­mek we oňa gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len­dir. Bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­la­ry ÝU­NES­KO-nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hal­ka­ra we mil­li yla­la­şyk­la­ryň esa­syn­da dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 120 döw­le­tin­de 669 sa­ny bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy he­re­ket ed­ýär.
1972-nji ýyl­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­si bo­ýun­ça ge­çi­ren mas­la­ha­tyn­dan soň, dün­ýä­de bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­la­ry­na uly üns ber­lip baş­lan­ýar. Şon­dan soň ÝU­NES­KO-nyň «Adam we bi­os­fe­ra» tag­ly­ma­ty­nyň çäk­le­rin­de bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy ba­ra­da­ky kon­sep­si­ýa iş­le­ni­lip dü­zül­ýär. Bu kon­sep­si­ýa­nyň esa­syn­da daş­ky gur­şa­wy bi­le­lik­de go­ra­mak mak­sa­dy bi­len döw­let­ler öz çäginde bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da ka­ra­ra gel­ýär­ler. Döw­let­le­riň ara­syn­da bi­os­fe­ra­nyň ýag­da­ýy­na dün­ýä de­re­je­sin­de gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len dün­ýä­niň dür­li ýer bö­lek­le­rin­de bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek pi­ki­ri or­ta atyl­ýar. 1978-nji ýyl­da dün­ýä bo­ýun­ça il­kin­ji 7 sa­ny go­rag­ha­na – Be­re­zin, Kaw­kaz, Sa­ry-Çe­lek, Si­ho­te-Alin, Re­pe­tek, Prioks-Ter­ras, Mer­ke­zi-Ga­ra­top­rak go­rag­ha­na­la­ry «bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­la­ry» diý­lip yg­lan edil­ýär.
Bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy­nyň baş mak­sa­dy bel­le­ni­len çäk­dä­ki bio­lo­gik dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak­dan we di­kelt­mek­den, üýt­ge­ýän ýag­daý­la­ry tu­tuş dün­ýä de­re­je­sin­de yl­my esas­da öw­ren­mek­den yba­rat­dyr. Bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy te­bi­gy go­rag­ha­na­la­ryň, mil­li se­ýil­gäh­le­riň esa­syn­da dö­re­dil­ýär.
Bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy öza­ra bag­la­ny­şyk­ly 3 zo­lak­dan dur­ýar. Bu zo­lak­la­ryň her bi­rin­de go­rag işi dür­lü­çe al­nyp ba­ryl­ýar:
– Esa­sy go­rag zo­la­gy – ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne, go­ral­ýan meý­da­na ant­ro­po­gen tä­sir­le­riň ýet­me­dik ýa-da iň az de­re­je­de ýe­ten gym­mat­ly te­bi­gy top­lum­la­ry.
– Bu­fer zo­la­gy – esa­sy go­rag zo­la­gy gur­şap al­ýan, oňa ýa­naş­ýan zo­lak. Bu zo­lak ada­myň ho­ja­lyk iş­jeň­li­gi­niň go­rag­ha­na­nyň esa­sy go­rag zo­la­gy­na zy­ýan ýe­tir­me­si­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len aý­ra­tyn­lan­dy­ryl­ýar.
– Ge­çiş zo­la­gy – baş­ga­ça aý­dy­lan­da ant­ro­po­gen land­şaft­lar. Go­rag­ha­na­nyň bir bö­le­gi bo­lup, go­rag­ha­na meý­da­ny­ny to­kaý, suw gur­şa­wy ýa-da ilat­ly ýer­ler bi­len bir­leş­dir­ýär.
Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Re­pe­tek döw­let bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy 1978-nji ýyl­da «bi­os­fe­ra» sta­tu­sy­na eýe bo­lan go­rag­ha­na­dyr.

Mu­kam JU­MA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Re­pe­tek döw­let bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy­nyň ylym bö­lü­mi­niň baş­ly­gy