Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow ýurduň günortasyndaky Jalal-Abad sebitinde Kambar-Ata gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berdi. Gyrgyzystanyň Prezidenti öz çykyşynda Merkezi Aziýada ýurduň energiýa howpsuzlygyny üpjün etjek iň uly gidroelektrik stansiýalarynyň biriniň gurluşygynyň başlanýandygyny aýtdy. Ol ýurduň energiýa pudagynyň öňdebaryjysy boljak Kambar-Ata-1 GES-iniň ykdysady görkezijisiniň giň gerime eýe boljakdygyny belledi.
-Gyrgyzystanyň Kambar-Ata-2 gidroelektrik stansiýasyndan başga ähli energiýa çeşmeleriniň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda gurlandygy mälimdir. Kambar-Ata-1 gidroelektrik stansiýasyny işe girizenimizde, Kambar-Ata-2 gidroelektrik stansiýasynyň doly güýjünde işlemegi üçin ähli şertler dörediler, bu ýerde ikinji we üçünji enjamlary ulanmaga başlap, onuň kuwwatyny artdyrmak mümkin bolar. Netijede, bu iki möhüm gidroelektrik stansiýasyny doly işledip, 1000 megawat öndürip bileris – diýip, Sadyr Japarow aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Kambar-Ata-1-iň işe girizilmegi Gyrgyzystana we Merkezi Aziýa bähbit getirip, goňşy ýurtlaryň hem suwaryş meselesini çözmäge mümkinçilik döreder we sebitdäki suw we energiýa balansynyň durnuklaşmagyna goşant goşar.
Onuň gurluşygy 8 ýyldan 10 ýyla çenli dowam eder. Birinji gidroelektrik stansiýasy yzygiderli maliýeleşdirilende dört ýyldan soň, ulanmaga berler.
Kambar-Ata-2 GES taslamasy 1985-nji ýylda işlenip düzüldi we 1986-njy ýylda esasy GES-iň desgalarynyň gurluşygy başlandy. Ýöne 1991-nji ýylda käbir sebäplere görä, Kambar-ata GES-2-niň gurluşygy togtadyldy. Gurluşyk diňe 2007-nji ýylda gaýtadan başlandy. 2010-njy ýylda kuwwaty 120 MWt bolan ilkinji gidroagregat işe girizildi.