2016-njy ýyldan bäri gurluşygy alnyp barylýan Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky awtoulag köprüsi 10-njy iýunda açyldy. Binagärlik desgasy Amur derýasynyň üstünden geçip, Russiýanyň Blagoweşenk şäherini Hytaýyň Heýhe şäheri bilen birleşdirdi. Açylyş dabarasy wideo ýaýlym arkaly geçirilip, tomaşaçylar tarapyndan oňa Pekinden, Moskwadan we Wladiwostokdan tomaşa edildi.

Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky ilkinji köpri açylan badyna, ondan dessine ýük ulaglary gatnap başlady. Suwuklandyrylan tebigy gaz bilen işleýän sekiz sany rus awtoulagy Hytaýa ugur aldy. Hytaý tarapdan bolsa, dürli ýükli birnäçe ulag täze köpri arkaly Russiýa geçdi.

Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky serhetara köpriniň gurluşygy 2016-njy ýylda başy başlandy. Binagärler onuň gurluşygynda özboluşly ýeňillik modelini ulandylar. Köpriniň uzynlygy 1080 metre depň bolup, rus we hytaý tarapynyň her biri, ýaryny, ýagny 540 metr bölegini gurdular. Bölekler iki kenardan bir wagtda gurlup, 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda biri-birine seplendi. Köpri geçelgesiniň umumy uzynlygy 20 kilometre deň. Oňa Hytaýyň çäklerindäki 6 kilometr ýol, Russiýanyň çäklerindäki 13 kilometr ýol girýär.