Gadymy Rim imperiýasy döwründe gurlan Karaka şäheri Ispaniýanyň çäklerinden tapyldy. Ylmy-barlagçylar hem-de arheologlaryň uly topary Ispaniýanyň Driebes sebitinde gözleg işlerini amala aşyrdy.
Gadymy Rim imperiýasy döwründe gurlan Karaka şäheri Ispaniýanyň çäklerinden tapyldy. Ylmy-barlagçylar hem-de arheologlaryň uly topary Ispaniýanyň Driebes sebitinde gözleg işlerini amala aşyrdy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda başlan ylmy-barlaglaryň netijesinde, gadymy döwre degişli şäheriň üstünden baryldy. Umumy meýdany 12 gektara golaýlaýan şäher ýeriň 70 santimetr aşagyndan tapyldy. Alymlar ylmy-barlag işlerinde häzirki zaman tehnologiýasyndan işjeň peýdalandylar.
Mälim bolşuna görä, Karaka şäheri örän oňat derejede saklanyp galypdyr. Ilatly nokatlaryň, köçeleriň, jaýlaryň we ybadathanalaryň ýerleşýän ýerleri tapyldy. Driebes sebitiniň häkimi Pedro Rinken hünärmenleriň ozal hem sebitiň çäklerinde şäheriň bardygyny bilýändiklerini, ýöne anyk ýerini kesgitläp bilmändiklerini aýtdy. Arheolog Hawýer Fernandes ylmy-barlaglaryň netijesiniň örän gowy bolandygyny belläp, maksadyna ýetendiklerini mälim etdi.