Şu gün, 18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra ýurdumyzyň gündogar sebitine ilkinji saparydyr.
Hormatly Prezidentimiz şu gün ir säher bilen Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna baryp gördi we bu ýerde galla oragyny başlamaga ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz daýhan birleşiginiň çäginde gallaçy kärendeçisi Azat Joraýewiň kärende ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy kärendeçi uly hormat bilen garşylady. Kärendeçi bilen söhbetdeşlikde Arkadagly Serdarymyz oba hojalyk işleriniň barşy, onuň hal-ahwaly, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça galla oragyna başlamaga ak pata berdi.
Mälim bolşy ýaly, gündogar sebitiň gallaçylary 3-nji iýunda Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň daýhanlary bilen bilelikde bugdaý oragyna girişdiler. Şu ýyl welaýatyň daýhanlary 130 müň gektar ýerden 310 müň tonnadan geçirip galla almagy meýilleşdirýärler. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminde däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 419-synyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.