Kanada bilen Daniýanyň arasynda 50 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän araçäk meselesi çözüldi. Netijede, biri Ýewropada, beýlekisi Demirgazyk Amerikada ýerleşýän iki ýurt indi diňe suw arkaly däl, eýsem gury ýerden hem goňşy boldular. Mälim bolşy ýaly geografik taýdan Demirgazyk Amerikada ýerleşýän, dünýäniň iň uly adasy Grenlandiýa Ýewropanyň iň kiçi ýurtlarynyň biri bolan Daniýa degişli. Dünýäniň iň köp adaly ýurtlarynyň biri bolan Kanada degişli adalar bolsa Grenlandiýadan o diýen uzakda däl.
1973-nji ýylda iki ýurduň arasynda deňiz serhediniň kesgitlenýän wagty Kanadanyň Ellesmere adasy bilen Grenlandiýanyň arasyndaky meýdany bary-ýogy 1,3 kilometre barabar bolan Hans adasynyň haýsy ýurtda degişlidigi barada düşünişmezlik ýüze çykypdy. Şondan bäri iki ýurduň arasynda bu meselede belli netijä gelinmändi.
Bu adada hiç hili ilat ýaşamaýar. Kanadanyň paýtagty Ottawada iki ýurduň daşary işler ministrleri degişli resminama gol çekdiler. Şeýlelikde Kanada bilen Ýewropanyň arasynda gury ýer serhedi emele geldi.
Gol çekişlik dabarasynda Daniýanyň daşary işler ministri Jeppe Kofod uzak wagtlap dowam edýän düşünişmezlikleriň parahatçylykly ýagdaýda nähili çözülip bilinjekdigini görkezendiklerini aýtdy.
Häzirki wagtda Daniýa Ýewropa Bileleşigine agzadygyna garamazdan, 1980-nji ýylda geçirilen referendumyň netijesinde Grenlandiýa bileleşige agza bolmandy.
Demirgazyk polýus boýunça bilermen Maýkl Baýersiň pikirine görä, Hans adasy şeýle bir uzakda ýerleşýän welin, gar bilen örtülen bu ýerde haýsydyr bir ykdysady bähbitli iş etmek mümkin däl.