2017-nji ýylyň iýun aýynda Wýetnamyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň Russiýa resmi sapary bolar. Bu barada Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko habar berdi.
– Iýun aýynda Wýetnamyň döwlet Baştutanynyň Russiýa sapary amala aşyrylar – diýip, Walentina Matwiýenko Wýetnama bolan saparynyň çäklerinde beren beýanatynda gürrüň berdi.
2016-njy ýylyň noýabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Wýetnamyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň arasynda gepleşikler geçirilipdi. Şolaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylypdy. Wýetnama Russiýanyň bazaryna öz harytlaryny ýerlemäge uly ýeňillik döredilipdi.
2020-nji ýyla çenli iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny 10 milliard dollar möçberine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Ýurtlar iki halkyň arasyndaky ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy maksat edinýär. 2016-njy ýylda haryt dolanyşygy 3,8 milliard dollara golaýlady.