Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin öňü­miz­dä­ki hep­dä­niň do­wa­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bo­lan Gazagystanda, Tä­ji­gis­tan­da we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da res­mi sa­par­da bo­lar. Bu ba­ra­da Merkezi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň met­bu­gat se­riş­de­le­ri ha­bar ber­ýär. Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny il­ki bi­len, Gazagystanda, Tä­ji­gis­tan­da we soňra Gyrgyz Respublikasynda sa­par­da bo­lar. Ol Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­rer we onuň çäk­le­rin­de Tä­ji­gis­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň iri se­bit­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şyk­la­ra gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Wla­di­mir Pu­ti­niň bu sa­pa­ry 3-nji res­mi we umu­my­lyk­da­ky 9-njy sa­pa­ry­dyr. Soň­ky ge­zek Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti 2015-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Du­şan­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­ga gat­na­şyp­dy.
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bu sa­pa­ry­nyň yzy­sü­re Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­rer. Wla­di­mir Pu­tin Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew bi­len du­şu­şyp, iki ýur­duň ara­syn­da ama­la aşy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar ba­ra­da pi­kir al­şar­lar. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­tan­la­ry Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­giň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.