Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Pa­ty­şa­sy Sal­man bin Ab­dul-Aziz al-Sa­ud şu ýy­lyň mart aýyn­da In­do­ne­zi­ýa­da res­mi sa­par­da bo­lar. Ol ýur­duň paý­tag­ty Ja­kar­ta­da hem-de Ba­li ada­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­rer. Iň soň­ky ge­zek Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­dan iň ýo­ka­ry de­re­je­de res­mi sa­par 46 ýyl mun­dan ozal ama­la aşy­ry­lyp­dy.
– Bu bi­ziň üçin ta­ry­hy sa­par bo­lar – di­ýip, In­do­ne­zi­ýa­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň sek­re­ta­ry Pra­mo­no Anun­ga ha­bar ber­di. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Pa­ty­şa­sy ýa­ny bi­len ýur­duň 10 mi­nist­rini alyp gider.
Anun­ga­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Pa­ty­şa 1-9-njy martda sa­par­da bo­lup, ol soň­ky 6 gü­nün­de Ba­li ada­syn­da dynç alar. Ýur­duň Pre­zi­den­ti Jo­ko Wi­do­do­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Sa­ud Arabystany Pa­ty­şa­sy­nyň bu sa­pa­ry In­do­ne­zi­ýa 25 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­ýa go­ýu­myň çe­kil­me­gi­ne ýar­dam eder.