Ermenistanyň Premýer-ministri Karen Karapetýan Gruziýada resmi saparda boldy. Ol bu ýurduň Prezidenti Georgiý Margwelaşwili hem-de Premýer-ministri Georgiý Kwirikaşwili bilen gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ermenistanyň Premýer-ministri ýurduň Ministrler Kabinetiniň düzümindäki ykdysadyýet we maýa goýum ministri Suren Karaýan, oba hojalygy ministri Ignatiý Arakelýan, energetika we tebigy serişdeler ministri Aşot Manukýan, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Waan Martirosýan, medeniýet ministri Armen Amirýan, saglygy goraýyş ministri Lewon Altunýan we beýleki resmi adamlar bilen Gruziýada saparda boldy.
Ermenistanyň Milli statistika edarasynyň maglumatyna görä, 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 245,2 million dollara deň boldy. Ermenistandan Gruziýa amala aşyrylan eksportuň möçberi 146,9 million dollara, importuň möçberi bolsa, 98,3 million dollara deňeçer boldy.