23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýa Ösüş Bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilireniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bilelikde işleriň alnyp barylýan pudaklary hökmünde energetika, senagat, ulag, söwda, bank ulgamy we beýleki ugurlar bellenildi.

Sebit we halkara energetiki hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze  Direktoryny gutlady hem-de oňa bu jogapkärli wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.