Dünýä belli “Forbes” žurnaly her ýylda bolşy ýaly, soňky 12 aýyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny mälim etdi. Dünýäniň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň sanawynda 4 basketbolçy, 3 futbolçy bolup, sportuň boks, tennis hem-de amerikan futboly görnüşlerinden hem bir wekil bar.

Şol sanawa görä, soňky 12 aýda, ýagny geçen ýylyň maýyndan şu ýylyň maýyna çenli aralykda iň köp pul gazanan futbolçy Lionel Messi boldy. PSŽ-niň argentinaly super ýyldyzynyň degişli döwürde gazanjy 130 million dollara deňdir. Onuň gazanjynyň 75 million dollary Messiniň aýlyk haklaryndan bolsa, galan 55 million dollary-da hemaýatkärliklerden hem-de mahabatlardan ybaratdyr. Messiden 9 million dollar töweregi az az gazanan amerikaly basketbolçy sanawda 2-nji orny eýeleýär. “Los Anejels Leýkersiň” super ýyldyzy soňky 12 aýda 121,2 million dollarlyk gazanç edipdir. Onuň gazanjynyň 41,2 million dollaryny aýlyk haklary bolsa, galan 80 million dollary mahabatlardan, hemaýatkärliklerden, şeýle-de şahsy söwda işlerinden gelen girdeji emele getirýär. Sanawda 3-nji ýer Kristiano Ronaldonyň paýyna düşüp, “Mançester Ýunýatediň” portugaliýaly ýyldyzy soňky 12 aýda 115 million dollar möçberinde girdeji gazandy. Onuň 60 million dollary aýlyk haklaryndan bolsa, 55 million dollary mahabatlardan, hemaýatkärlikdendir. Sanawda 95 million dollar bilen Neýmar 4-nji, “Golden Steýt Warriorsyň” super ýyldyzy Stefan Körri 92,8 million dollar bilen 5-nji ýeri eýeleýär. Sanawda 7-8-nji ýerlerde barýan tennisçi Rojer Federer bilen meksikaly boksçy Saul Alwares fubolçylar Messi, Ronaldo we Neýmardan başga amerikaly bolmadyk beýleki türgenlerdir.

“Forbes”-iň yglan eden iň köp pul gazanan türgenler sanawy:

Lionel Messi (futbol) – 130 million dollar(75 mln dollary aýlyklar, 55 mln dollary mahabat);

LeBron Jeýms (basketbol) – 121,2 mln (41,2+80);

Kristiano Ronaldo (futbol) – 115 mln (60+55);

Neýmar (futbol) – 95 mln (70+25);

Stefen Körri – 92,8 mln (45,8+47);

Kewin Durant (basketbol) – 92,1 mln (42,1+50);

Rojer Federer (tennis) – 90,7 mln (0,7+90);

Saul Alwares (boks) – 90 mln (85+5);

Tom Bredi (amerikan futbol) – 83,9 mln (31,9+52);

Ýannis Antetokunmbo (basketbol) – 80,9 mln (39,9+41).