ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýkl Pens Belgiýanyň paýtagty Brýusselde resmi saparda boldy. Bu onuň täze wezipesindäki ilkinji saparydyr. Ol ABŞ bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi babatda örän uly ähmiýete eýe boldy.
ABŞ-nyň ýolbaşçysy saparynyň çäklerinde Ýewropa Geňeşiniň başlygy Donald Tusk bilen duşuşdy. Şondan soňra geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Maýkl Pens: “ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky kesgitli pikirlerini ýetirmek meniň üçin uly guwandyryjy wakadyr. ABŞ bilen ÝB-niň arasynda köp sanly umumy däp-dessurlar hem-de gymmatlyklar bar. Şolaryň esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüriler” diýip belledi.
Donald Tusk hem duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna degişli köp meseleleri ara alyp maslahatlaşylandygyny belläp, umumy howpsuzlygyň berkidilmegi, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda bir pikire gelendiklerini mälim etdi.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker bolsa, ABŞ-nyň wise-prezidentiniň ilkinji daşary ýurt saparyny Ýewropa amala aşyrmagyndan hoşal bolandygyny belläp geçdi.
ABŞ-nyň ýolbaşçysy Maýkl Pens şu ýylyň 19-njy fewralynda Belgiýa gelip, Brýusselde köp sanly gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem ol Belgiýadan soňra Awstraliýada saparda bolup, bu ýurduň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy.