Fran­si­ýa­da go­laý­la­şyp gel­ýän ýur­duň esa­sy sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik wa­ka­sy ha­sap­lan­ýan Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň öň­ ýa­nyn­da­ky möw­süm bar­ha gy­zyş­ýar. Ýur­duň dür­li bar­lag­la­ry ge­çir­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň taý­ýar­la­ýan mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, “Mil­li front” par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ma­rin Le Pen beý­le­ki da­laş­gär­ler­den gör­ne­tin öňe saý­lan­ýar. Fran­si­ýa­da saý­law­lar iki tap­gyr­da ge­çi­ri­lip, onuň il­kin­ji­si 23-nji ap­rel­de, ikin­ji­si bol­sa, 7-nji maý­da ge­çi­ri­ler.
Soň­ky pi­kir so­raş­ma­nyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Le Pen üçin saý­law­çy­la­ryň 26,5 gö­te­ri­mi­niň ses ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy mä­lim edil­di. “Öňe” he­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy, ozal­ky yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Em­ma­nu­el Mak­ron hem-de Res­pub­li­kan­lar par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri we ozal­ky Prem­ýer-mi­nistr Fran­sua Fi­ýon üçin saý­law­çy­la­ryň 19 gö­te­ri­mi­niň ses ber­mek­çi bol­ýan­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di. Ýur­dy do­lan­dyr­ýan So­sia­lis­tik par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri, ozal­ky bi­lim mi­nist­ri Be­nua Amon bol­sa, 14 gö­te­rim ses al­dy.
Şeý­le hem De­mok­ra­ti­ýa he­re­ke­ti par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Fran­sua Baý­ru Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­ma­jak­dy­gy­ny mä­lim edip, saý­law­lar­da ozal­ky yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Em­ma­nu­el Mak­ro­na gol­daw ber­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Tej­ri­be­li sy­ýa­sat­çy­nyň tek­li­bi­ni ka­bul eden Em­ma­nu­el Mak­ron hem saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin öň­ýa­nyn­da­ky möw­sü­miň çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar.
Go­laý­da ol Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da bo­lup, ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý hem-de bu döwletdäki öz saý­law­çy­la­ry bi­len du­şuş­dy.