Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäniň abraýly guramasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy göreşi has-da işjeňleşdirmek maksady bilen ýörite edara döretmegi teklip etdi. Ol bu teklibini BMG-niň Baş Assambleýasynyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda mälim etdi.
Baş sekretar halkara jemgyýetçiliginiň terrorçylygyň garşysyna alyp barýan ýadawsyz göreşini güýçlendirmek maksady bilen ýörite edara döredip, oňa Baş sekretaryň täze bellenjek orunbasarynyň gözegçilik etjekdigini nygtady.
Häzirki wagtda BMG-niň düzüminde Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagynda terrorçylyga garşy göreş boýunça komitet hereket edýär. Ol 2001-nji ýylda döredildi.
Baş sekretar Guterrişiň teklip edýän edarasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň düzümindäki komitetiň işine goşulman, özbaşdak hereket edip, bu ugurda alnyp barylýan işler barada Baş Assambleýa hasabat bermegi göz öňünde tutulýar.
– Biziň maksadymyz gurama agza döwletleriň arasynda ählumumy parahatçylygy üpjün etmek babatda täze hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat – diýip, Antoniu Guterriş belledi.
Ol bu edaranyň döredilmegi babatda agza döwletleriň wekillerinden iki hepdäniň dowamynda dilden ýa-da hat üsti bilen öz tekliplerini bermegi haýyş etdi. Guterriş Baş Assambleýanyň başlygy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, bu ugurda netije gazanmagy maksat edinýändigini mälim etdi.