“Mançester Ýunaýtediň” super ýyldyzy Kristiano Ronaldo Angliýanyň “Premier Ligasynda” aprel aýynyň futbolçysy saýlandy. Ol bu aýda 4 duşuşykda 5 gol geçiripdi, olaryň arasynda “Norwiçiň” derwezesinden geçirilen het-trik bar. Ronaldo aýyň futbolçysy bolmak ugrunda Kewind de Bruýne, Gabriel Žesus, Leandro Trossard, Tiago Alkantara, Hyn Min Son, Bruno Gimaraes, Natan Kollins ýaly futbolçylardan öňe saýlandy. Ronaldo şu möwsümde 2-nji gezek aýyň futbolçysy saýlanan ilkinji oýunçy bolup, ol sentýabrda bu hormata laýyk görlüpdi. Şol bir wagtyň özünde Ronaldo “Mançester Ýunaýtediň” taryhynda iň köp aýyň futbolçysy saýlanan oýunçy boldy. 6-njy gezek APL-de aýyň futbolçysy saýlanan Ronaldo bu ugurda klubuň rekordyny täzeledi. Ozal rekord 5 gezek saýlanan Weýn Runä degişlidi. Ronaldo ýene bir gezek saýlansa, “Premier Liganyň” rekordyna şärik bolar. Häzirki wagtda APL-de iň köp aýyň futbolçysy saýlanan ýyldyzlar Serhio Aguero bilen Harri Keýn bolup, ikisi hem 7 gezek bu derejäni gazandylar.