2016-njy ýylyň jemi bo­ýun­ça Awst­ra­li­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry­na 550 müň­den gow­rak da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­lar oku­wa ka­bul edil­di. Bu ba­ra­da ýur­duň bi­lim mi­nist­ri Saý­mon Bir­min­gem ha­bar ber­di. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan oka­ma­ga gel­ýän ýaş­lar ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bi­lim pu­da­gy­nyň gir­de­ji­si 21,8 mil­liard awst­ra­li­ýa­nyň dol­la­ry­na deň bo­lup, bi­lim hyz­mat­la­ry ýur­duň esa­sy gir­de­ji ge­tir­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Awst­ra­li­ýa­nyň da­şa­ry ýur­tlara ama­la aşyr­ýan eks­por­tun­da öň­dä­ki orun­la­ry de­mir mag­dan­la­ry we daş kö­m­ri tut­ýar. Şu önüm­ler­den gel­ýän gir­de­ji­ler hem ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ep-es­li bö­le­gi­ni tut­ýar. Şo­lar­dan soň­ra, 3-nji or­na bi­lim hyz­mat­la­ry geç­di.
Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, da­şa­ry ýurt­lar­dan oka­ma­ga ge­len ta­lyp­la­ryň 43 gö­te­ri­mi­ni ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ka­bul eden bol­sa, 23 gö­te­ri­mi­ni ýö­ri­te­leş­di­ri­len bi­lim ojak­la­ry ka­bul et­di. Bu ýe­re da­şa­ry ýurt­lar­dan, esa­san hem, Hy­taý­dan we Hin­dis­tan­da köp­räk ta­lyp gel­ýär. O­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi dil öw­ren­mek üçin ga­ly­ber­se-de, iň­lis di­li­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin bar­ýar.