Ýaponiýaly talyp Satoýuki Fudzimura 1 minutyň dowamynda barmagyny 300 gezek şyrkyldadyp, dünýä rekordyny goýdy. Onuň aýtmagyna görä, ejesi oňa çagaka barmagyny şyrkyldatmagy öwredipdir. Şonuň netijesinde, bu ýagdaý onda endik bolup galypdyr. Ýapon talyby öz ukybyny görkezip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Onuň barmagyny şyrkyldadyp duran pursatlarynyň wideo şekilleri internet äleminde köpleriň ünsüni çekdi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Fudzimura ýerli teleýaýlymlaryň birinde gepleşige gatnaşyp, 292 gezek barmagyny şyrkyldadypdy. Bu ugurda ozal goýlan rekord şwesiýaly Ýens Gudmansene degişlidir. Ol 2009-njy ýylda bir minutyň dowamynda barmagyny 278 gezek şyrkyldadypdy.