Näbelli biri bezegçi agaçdan ýasalan awtobus duralgasyny edil ýaşaýyş jaýynyň bir otagy ýaly gelşikli hem-de bezegli edip gurady. Bu duralga Angliýanyň Dewon şäheriniň Uokhempton obasynda ýerleşýär. Ol duralgany arassalap, içine oturgyç ýerleşdirip, diwaryna suratlar asdy we dürli güller bilen bezedi. Bu barada ýurduň “Daily Mail” neşiri habar berýär. Ýerli halk kimiň duralgany şeýle owadan derejä getirendiginden habarsyz, ýöne welin, oňa alkyş okaýarlar.