Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkozi işewürlik bilen meşgullanyp başlady. Bu barada “Akkor Hotels” myhmanhana topary tarapyndan ýaýradylan beýanatda mälim edildi. Ol Fransiýanyň bu toparynyň ýolbaşçy wezipeleriniň birini eýeledi.
Nikolya Sarkozi kompaniýanyň halkara gatnaşyklar bölümine gözegçilik eder. Ol bu ýerde 2018-nji ýyla çenli işlemegi göz öňünde tutýar. “Akkor Hotels” kompaniýasynyň baş müdiri Sebastýen Bazen bu barada eden gürrüňinde: “Nikolýa Sarkoziniň halkara tejribesi kompaniýamyza ähmiýetli üstünlikleri getirer” diýip belledi.
2016-njy ýylda Nikolýa Sarkozi Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri bolmak üçin prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildiripdi. Ol partiýanyň öz içindäki saýlawda bäsdeşinden yzda galdy we prezidentlige dalaş edip bilmedi. Sarkozi 2007-2012-nji ýyllarda Fransiýanyň Prezidenti boldy.