Suwa düşülende  rugsat  berilýän çäklerden daş ýerlere barmakdan saklanyň, aýaklaryňyzyň we elleriňiziň damary çekse, suwdan çykmaly ýa-da birini dessine kömege çagyrmaly. Nätanyş, çola ýerlerde ýüzmek gadagandyr. Irden sagat 07:00-dan 10:00-a çenli, öýlän sagat 18:00-dan 21:00-a çenli suwa düşmek maslahat berilýär. Suwa  düşmegiň dowamlylygy 30 minutdan artyk bolmaly däldir. Suwa düşmezden iki sagat öň, ýeňil ýagsyz naharlary we gök-önümlerden taýýarlanan işdäaçarlary iýmek maslahat berilýär.

Eger-de suwda gark bolýany görseňiz, daş-töwerekde başga-da adamlar bar bolsa, şolary hem kömege çagyrmaly we gark bolany halas edýänçäňiz “Tiz kömek” gullugyna jaň etmeli. Gark bolup barýan adamy halas edeniňizde, yzyndan baryp, onuň ýeňse tarap saçyndan ýa-da goltugyndan tutmaly we ýüzüni ýokary tutup, kenara tarap alyp çykmaly.

Eger-de halas edilen adam kenara çykarylandan soň dem alyp bilýän bolsa, onuň endamyny guratmaly, dürli örtükler bilen örtüp ýylatmaly we ýylyjak çaý, kofe içirmeli.

Eger-de gark bolýan adam eýýäm suwa çümen bolsa, halas ediji hem suwa çümüp, gark bolanyň elinden ýapyşyp, suwuň ýüzüne çykarmaly we ýüzüni ýokary tutmaly.

Gark bolany huşsuz ýagdaýda kenara çykaranyňyzda, “Tiz kömek” gullugy gelýänçä ilkinji kömegini bermäge howlukmaly (öýken-ýürek reanimasiýasy) we agyz-burun boşlugyny del jisimlerinden arassalamaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi