Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow, Wladimir Putiniň G20 liderleriniň maslahatyna gatnaşjakdygyny mälim etdi. Sammit noýabr aýynyň ortalarynda Indoneziýada geçiriler.
Uşakowyň sözlerine görä, Indoneziýanyň lideri Joko Widodo ozal rus kärdeşine G20 sammitine çakylyk iberipdi. Putin bu çakylygy kabul etdi.
-Biziň hem gatnaşmagymyzyň göz öňünde tutulýandygyny tassykladyk – diýip Uşakow habar berdi.
Şeýle-de bolsa, Russiýanyň lideriniň kömekçisi Putiniň Indoneziýa barjakdygyny ýa-da sanly ulgam arkaly sammitde çykyş etjekdigini aýdyňlaşdyryp bilmedi. Uşakowyň pikiriçe, sammitiň formaty pandemiýanyň ýagdaýyna baglylykda kesgitlener.
G20 ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 17-nji sammiti şu ýylyň ahyrynda Indoneziýanyň Bali adasynda ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçiriler. Indoneziýanyň G20 sammitine başlyklygy geçen ýylyň oktýabr aýynda Italiýada geçirilen sammitde mälim edilipdi. Bu sammit, Germaniýanyň täze Kansleri Olaf Şols üçin ilkinji boljakdygy habar berilýär.
«Uly ýigrimiligiň» düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär. G20 topary dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramanyň maslahatynda esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.