Her ýyl tutuş ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Bu şanly senä gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Şu ýyl Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi 27-nji iýunda «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan sungat ussatlarynyň uly konserti bilen jemlendi.
Dabaralar Mary şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde gül goýmak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylary — kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň, ýaşlaryň wekilleri, şeýle hem döredijilik forumyna gatnaşyjylar bar. Ýadygärlige goýlan ajaýyp gül desseleri ynsanperwer şahyryň belent şahsyýetine we döredijilik mirasyna sarpa goýmagyň nyşanyna öwrüldi.
Binagärlik keşbi hem-de milli äheňdäki bezegleri bilen baý many-mazmuna eýe bolan Medeniýet hepdeliginiň derejesine laýyk gelýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda Maryda guralan döredijilik çäreleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrülen sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagyny ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten belent derejesi, onuň jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, raýatlaryň watançylyk duýgusyny ýokarlandyrmaga ýardam edýändigi bellenilýär.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli medeniýeti ösdürmek, ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmak we döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin ähli amatly şertleri döretmek baradaky aladasy, bu forumy ýokary derejede geçirmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli güýjüni, zehinini we döredijilik ylhamyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
«Sungat toýun tutýar ili türkmeniň» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk çäresiniň özboluşly başlangyjy boldy. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, Diýarymyzyň welaýatlarynyň meşhur aýdymçylarynyň hem-de folklor toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary sungatyň gudratly güýjüne bagyşlandy.
Mary welaýatynyň «Altyn asyr» tans toparynyň joşgunly çykyşy bilen sazlaşyklylykda ýaňlanan «Durnanyň» diýen halk aýdymy konsertiň bezegine öwrüldi. «Diňe öňe, Türkmenistan!» aýdymy türkmen halkyna hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bagyşlandy. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ýeten sepgitleri barada söhbet açýan wideoşekiller bilen utgaşdyrylan birnäçe çykyşlar tomaşaçylara ýetirildi.
Ýygnananlar bagşy-sazandalaryň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Bäş welaýat jem bolanda» atly folklor çykyşyny uly joşgun bilen garşyladylar. Onda ýerine ýetirijilik ussatlygynyň täsin usullary we özboluşlylygy, ýurdumyzyň her bir sebitine mahsus aýratynlyklar açylyp görkezilip, bularyň ählisi bilelikde saz medeniýetiniň köpöwüşginli çemenini emele getirýär.
Halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, belli sazandalar ussatlyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň iň gowy tans we folklor toparlary tarapyndan uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Medeniýet hepdeligini geçirmek hormatynyň paýtagtymyza berilmegi «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan dabaranyň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu sungat baýramçylygy 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler.
«Dehistan» aýdym-saz etnografiýa folklor toparynyň belli aýdymçylar bilen bilelikde ýerine ýetiren gadymy «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan bu tans ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny baýlaşdyrdy.
Dabara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň – milli medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän eýýamynyň senasy bolup ýaňlanan «Arkadagly Serdarymyz sag bolsun!» atly watançylyk aýdymy bilen tamamlandy.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we baý medeni mirasynyň özboluşly arabaglanyşygyny emele getirýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabaralary paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeginde geçirildi.