Kö­ne­ür­genç­dä­ki mi­na­ra dün­ýä­de De­li­dä­ki Ku­tub mi­na­ra­dan soň­ra ikin­ji ýer­de dur­ýar. Onuň uzyn­ly­gy 60 met­re ba­ra­bar­dyr. 7 metr be­lent­lik­de gi­rel­ge­si bo­lup, 145 sa­ny tö­we­rek­le­ýin bas­gan­çak bi­len ýo­ka­ry – gup­ba­nyň aşa­gy­na çy­kyl­ýar. Mi­na­ra­da ker­piç örü­min­den edi­len ýaz­gy bu des­ga­ny Al­tyn Or­da­nyň Ho­rezm we­la­ýa­ty­nyň hö­küm­da­ry Gut­lug Ti­mu­ryň we Al­tyn Or­da­nyň sol­ta­ny­nyň at­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar. Mi­na­ra­nyň 1930-njy ýyl­da prof. A.Ý. Ýa­ku­bows­kiý ta­ra­pyn­dan oka­lan ku­fa sti­lin­de ýa­zy­lan ýaz­gy­nyň teks­ti bi­na edi­len wag­ty­nyň ta­kyk çäk­le­ri­ni 1320-1330-njy ýyl­lar di­ýip, bel­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Met­ji­diň mi­na­ra­sy bo­lan yma­ra­ty arap sy­ýa­hat­çy­sy ibn Ba­tu­ta hem hö­küm­dar Gut­lug Ti­mu­ryň ady bi­len bag­la­nyş­dy­ryp­dyr.
Mi­na­ra­nyň de­pe­sin­de agaç pürs­le­riň öý­jük­le­ri sak­la­nyp­dyr, onuň üs­tün­de birwagt­lar hem­me ta­rap­la­ry açyk bas­syr­ma­jyk bo­lan eken. Şol bas­syr­ma­jyk­da du­rup, azan­çy adam­la­ry na­ma­za gel­mä­ge ça­gy­ryp­dyr. Mi­na­ra­nyň göw­re­sin­de ker­piç­le­re na­gyş sal­nan 18 sa­ny dür­li in­li­lik­dä­ki bo­gun-bo­gun hal­ka­la­ry bo­lup­dyr. Hal­ka­la­ryň üçü­si za­ýa­la­nyp­dyr. Ýer­den 7 metr be­lent­lik­de ýe­ne-de bir ha­tar ku­fi hat­ly ýaz­gy bar. Olar­da Ku­ra­nyň ikin­ji sü­re­si­niň 252-nji aýa­ty­nyň, ýag­ny “Aýa­tu-l-kür­si­niň” söz­le­ri bar.
Halk ara­syn­da­ky ro­wa­ýat­lar­da, ga­ly­ber­se-de, “Ýu­sup-Ah­met” des­sa­nyn­da mi­na­ra­nyň güm­me­zi­niň al­tyn gup­ba­sy­nyň bo­lan­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­ýar.
Hü­när­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, mi­na­ra­nyň ozal­ky be­ýik­li­gi 65 met­re go­laý bo­lup­dyr. Ol XIV asy­ryň gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň we bi­na­gär­le­ri­niň Ür­genç mek­de­bi­niň ada­ty bol­ma­dyk ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­nyň aja­ýyp şa­ýa­dy­dyr.