Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundan
beýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle
hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda” howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine Balkan welaýatynyň Jebel
şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň toplumynyň
taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen
Halkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we
lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, umumy ulgama birikdirmek
işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr
aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.