1-nji iýulda geçirlen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suw
ýataklaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Türkmengeologiýa” döwlet
korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň
çäklerinde, Amyderýanyň çep kenarynda, Boýrabat hem-de Berzeň akabalarynyň kenarynda ýerleşýän
Türkmenabat meýdançasynda geçirilen gidrogeologik gözleg-barlag işleri netijesinde, umumy meýdany 130,8
inedördül kilometre deň bolan agyz suw ýatagy açyldy we gorlary tassyklanyp, “Türkmenabat” ýerasty agyz suw
ýatagy diýlip hasaba alyndy. Bu ýatagyň suw gory ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge
mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günde suw diplomatiýasynyň köp döwletleriň, şol sanda
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň görnüşi
hökmünde suw serişdeleriniň gorlaryny döretmek we täzeden dikeltmek, olardan oýlanyşykly hem-de rejeli
peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça yzygiderli gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.